Microsoft Hyzmatlary şertnamasyndaky üýtgetmeleriň gysgaça beýany – 30 sentýabr, 2024
Microsoft-yň müşderi onlaýn önümdir hyzmatlaryny ulanmagyňyz baradaky Microsoft Hyzmatlary şertnamasyny täzeleýäris. Bu sahypada Microsoft Hyzmatlary şertnamasynyň iň möhüm üýtgetmeleriniň gysgaça beýany görkezilýär.
Ähli üýtgetmeleri görmek üçin, Microsoft Hyzmatlary şertnamasyny şu ýerden okaň.
- At setirinde neşir ediljek senesini 30 iýul, 2024 we güýje girýän senesini 30 sentýabr, 2024 edip täzeledik.
- Hyzmatlary we Goldawy ulanmak bölüminde, Moderasiýa we Güýje girizmek/ulanmak bölüminde ulanyjylara düşnükli we aňsat bolar ýaly, daşarky syýasat sahypamyza bag goşduk.
- Hyzmata mahsus şertler bölüminde şu aşakdaky goşmaçalary we üýtgetmeleri girizdik:
- Xbox bölüminde, Xbox-däl üçünji-tarap platformalaryň, Xbox Game Studio oýunlaryny oýnamak üçin ulanyjylardan öz materialyny we maglumatyny paýlaşmagyny talap edip biljekdigini we bu üçünji-tarap platformalaryň şertlerine laýyklykda maglumatyňyzyň yzarlanyp we paýlaşylyp biljekdigini düşündirdik. Xbox-da çagalar bölümçesinde Xbox Game Studio oýunlary üçünji-tarap platformalara girenlerinde maşgala sazlamalary aýratynlyklarynyň elýeterli bolmazlygynyň mümkindigini düşündirdik. Käbir Xbox Hyzmatlarynyň öz ulanyş şertleriniň we özüni alyp baryş düzgünleriniň bolup biljekdigini düşündirdik.
- Microsoft Maşgala funksiýalary bölüminde bu aýratynlyklaryň diňe Microsoft Hyzmatlaryna degişlidigini we olaryň başga platformalarda elýeterli bolman biljekdigini düşündirdik.
- Microsoft Cashback: Programmany beýan etmek we bu programma gatnaşmak üçin Cashback Şertleriniň we düzgünleriniň kabul edilmeginiň zerurdygyny tassyklamak üçin Microsoft Cashback programmasyna bölüm goşduk.
- Microsoft Rewards bölüminde utuklary nähili almalydygyny Rewards panelinde we utuklaryň diňe hakyky ak ýürekli şahsy gözleg-barlag maksatlary üçin ulanylýan gözlegler üçin beriljekdigini anyklamak üçin düşündiriş goşduk.
- Copilot AI Tejribe hyzmatlarynyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän şertleri we düzgünleri tassyklamak üçin bölüm goşduk.
- Kömekçi EI, materialyň eýeçilik hukugy, materialyň maglumatlary we üçünji-tarap talaplary barada düşündirmek goşmak üçin EI hyzmatlary bölümini täzeledik.
- Tutuş Şertlerde üýtgetmeler edip, düşnükliligi gowulandyrdyk, grammatika, harp ýalňyşy we şolara meňzeş başga meseleleri düzetdik. Biz at goýmagy we giper-baglary hem täzeledik.